2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ýerewan şäherinde Surat sergisi öz işine başlady

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ermenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde bu birleşigiň Martiros Sarýan adyndaky Sergiler zalynda  2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi, şeýle hem türkmen edebiýatynyň görnükili wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi öz işine başlady.

Sergä Ermenistan Respublikasynyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri, suratkeşler, Ermenistandaky daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Surat sergisine şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň – Armenpress,  ArmiInfo habarlar agentlikleriniň we МИР 24 teleýaýlymynyň  wekilleri gatnaşdylar.

Ilki bilen  Ermenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Suren Safarýan çykyş etdi we sergini açmak üçin Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazowa söz berdi.

 Ilçi M.Aýazow 2024-nji ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegini gatnaşyjylara habar bermek bilen sergini açdy.

Akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň nesillere dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen ölmez-ýitmez eserlerini miras goýandygy bellenildi. Magtymguly Pyragynyň eserleri diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem umumadamzat gymmatlygy hökmünde hasaplap bolar.

Pyragynyň pähim-paýhasy – bu agzybirlik, parahatçylyga, dostluga, watansöýüjilik duýgularyna çagyryş aýdymlarydyr. Şahyr öz goşularynyň üsti bilen ähli adamzady agzybirlige, dost-doganlyga, milli däp-dessurlara, ruhy gymmatlyklara hormat goýmaga, ynsanperwer, watansöýüji, adalatly we dogruçyl bolmaga çagyrýar.

Magtymguly Pyragynyň eserleriniň 1959, 1983 we
2014-nji ýyllarda ermeni diline terjime edilendigini bellemek bolar.

Ilçi M.Aýazow sergä Magtymguly Pyragynyň eserlerini terjime eden şahyr-terjimeçi Waružan Hasturyň hem gatnaşýandygyny belläp, W.Hastura söz berdi we ondan Magtymgulynyň goşgusyny ermeni dilinde okamagyny haýyş etdi.

Sergi 2024-nji ýylyň 14-nji fewralyna çenli dowam eder.