UNIDO bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşmagynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäherini gurmak boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) baş direktorynyň orunbasary Jou Siýong bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar Arkadag şäheriniň gurluşygynda, hususan-da lukmançylyk klasterini döretmekde UNIDO-nyň tejribesini ulanmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.