Sungat pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Suren Safarýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki dostlukly döwletleriň sungat eserlerini ýaýbaňlandyrmak, sergileri geçirmek, dürli çeper çäreler guramak meseleleriniň üstünde durup geçdiler.

Ilçi M.Aýazow Ermenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Martiros Sarýan adyndaky sergiler zalynda Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegine we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp serginiň üstünlikli geçendigi üçin S.Safarýana minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar sungat pudagynda, hususan-da sungat boýunça umumy sapaklary, okuwlary geçirmekde özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek babatynda ylalaşdylar. Ilçi M.Aýazow bolsa öz gezeginde öňde goýlan meýilnamalary durmuşa geçirmekde Ilçihananyň degişli ýardamlary berjekdigini nygtady.