Ýerewan Döwlet uniwersitetinde “Magtymgulynyň filosofiki mirasy - Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasydyr ” temasynda umumy okuw sapagy
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň talyplarynyň öňünde “Magtymgulynyň filosofiki mirasy - Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasydyr ” mowzugynda umumy sapak berdi.
M.Aýazow Gündogary öwreniji talyplara we mugallymlara Türkmenistanyň häzirki wagtdaky daşary syýasatynyň konseptual esasynyň Magtymgulynyň öz döwründe wagyz eden we arzuw eden ideallary hökmünde häsiýetlendirilýändigini habar berdi. Beýik filosof we şahyr köp ýurtlara baryp görüpdir we beýleki ýurtlarda bolan wagtynda ol ýerde ýaşaýan adamlara ata Watany, türkmen halky, onyň adatlary we dessurlary baradaky bilimleri beripdir.
Türkmenistanyň häzirki wagtdaky daşary syýasaty bolsa – onuň parahatçylyk barada we munda türkmen halkynyň orny baradaky pikirleriniň dowamydyr. Bu pikirler türkmen döwletiniň emele gelmeginiň, onuň bitaraplyk syýasatynyň esasyny düzdi we Türkmenistanyň syýasy-diplomatiki ugrunyň pähim-paýhas, dowamlylyk we şol bir wagtda täzelik hem-de ähmiýetlilik çeşmesi bolmagyna galýar.
Ilçi M.Aýazow ýygnananlara Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasynyň - agzybirlige, parahatçylyga, dostluga, watansöýüjilik duýgularyna çagyryş aýdymlarydygyny beýan etdi. Şahyr öz goşularynyň üsti bilen ähli adamzady agzybirlige, dost-doganlyga, milli däp-dessurlara, ruhy gymmatlyklara hormat goýmaga, ynsanperwer, watansöýüji, adalatly we dogruçyl bolmaga çagyrýar.
M.Aýazow şeýle hem köpýyllyklara daýanýan türkmen-ermeni medeni-edebi gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi. Ol Gegam Sarýan, Ýegişe Çarens, Silwa Kaputikýan ýaly ermeni şahyrlarynyň eserleriniň türkmen dillerine terjime edilendigini we dürli edebiýat neşirlerinde we žurnallarynda çap edilendigini belledi
Ilçi Türkmenistanda «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň neşir edilýändigini, şol sanda bu žurnalda ermeni ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň türkmen diline terjime edilen eserleriniň neşir edilýändigini habar berdi.
Türkmenistanyň çaphana neşirlerinde Türki dillerini öwreniş kafedrasynyň müdiri, professor Aleksandr Safarýanyň, şol kafedranyň uly mugallymy Amaliýa Petrosýanyň, şahyr-terjimeçi Waružan Hasturyň makalalarynyň birnäçe gezek neşir edilendigi belledi.
Magtymguly Pyragynyň eserlerine bagyşlap Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan paýlama materiallarynyň çykarylandygyny bellemek bolar. Onuň bir tarapynda terjimeçi-şahyr Waružan Hasturyň Magtymgulynyň ermeni diline terjime eden şygyrlary neşir edilendir.
Paýlama materiallar umumy sapagyň barşynda talyplara berildi. Umumy sapak interaktiw görnüşde geçdi. Sapagyň dowamynda Ilçi türki dillerini öwrenijilere Magtymgulynyň ermeni diline terjime edilen şygyrlaryny okamagyny haýyş etdi. Şygyrlar uly ruhubelentlik bilen okaldy.