Türkmenistanda Meksikanyň Ilçisi akkreditirlendi
2024-nji ýylyň 19-njy fewralynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi öz gezeginde, ýurduň ýolbaşçysynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ileri tutýan ugurlary, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgerişler bilen tanyşdyryldy.
Şonuň bilen bir hatarda milli parlamentiň düzümi we kanun çykaryjylyk işleri bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändikleri barada maglumat berildi.
Meksikanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.