Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi boýunça metbugat beýannamasy
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Onuň gün-tertibine «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.
Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň we Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, beýleki çagyrylanlar gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini giňden belläp geçmek boýunça amala aşyrylýan işlere aýratyn üns çekdi.
Mejlisde Türkmen halkynyň Milli Lideri 2023-nji ýylda amala aşyrylan işleriň netijelerine syn berdi we jemi içerki önümiň ösüş depgininiň durnukly saklanandygyny belledi.
Geçen ýylda maýa goýum syýasaty üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, önümçilik pudaklaryny, durmuş we hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Şeýle-de, Arkadag şäheri dabaraly açylyp, onuň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe düzümlerine saýlandy, şeýle hem onlarça halkara resminamalar kabul edildi. Milli gymmatlyklarymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawy has-da artdy.
Geçen ýyllarda gazanylan üstünlikleriň binýadynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» işlenip taýýarlanyldy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Maksatnamanyň takyk hasaplamalaryna, ýetilen sepgitlere daýanmak bilen, maliýe-ykdysady taýdan, maýa goýumlaryň maksadalaýyklygy nukdaýnazaryndan esaslandyrylandygyny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde goýlan wezipelerden we maksatlardan gelip çykýan aýratynlyklar barada aýdyp, ykdysady, senagat, önümçilik, söwda, hyzmatlar, öňdebaryjy tehnologiýalar we durmuş häsiýetli maksatlara üns çekdi.
Sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlete dahylsyz bölegi ösdürmek esasy maksatlaryň hatarynda görkezildi.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň içerki ösüşi bilen bagly käbir görkezijilere üns çekildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artdy, jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklandy. 2009-njy ýyldan bäri ortaça 6 göterimden ýokary ösüş emele geldi. Soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artdy. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň barha köpeldi. Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda öndürilen senagat önümleriniň möçberi 3 esseden gowrak artdy. Içerki bazarda haryt üpjünçiligi doly kanagatlandyrylýar. 2023-nji ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende 8,5 esse artyp, 140 million manada barabar boldy.
Hukuk-kanunçylyk ulgamyna degişli wezipeler kesgitlenilip, olaryň arasynda: ýurdumyzda maýa goýumlary çekmek hem-de maýadarlary goramak we goldamak, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy hereket etmek, salgydy dolandyrmak, salgytlaryň ýygnalyşynyň hilini ýokarlandyrmak, intellektual eýeçiligi goramak, intellektual eýeçilik hukuklaryny döwlet we halkara derejede goramagyň kepilliklerini üpjün etmek ýaly ugurlarda kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek gaýragoýulmasyz çäreleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt bolup durýandygyny nazara alyp, bu guramanyň düzgünlerine we ýörelgelerine laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň zerurlygy bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasy başlangyçlaryny kanunçylyk çygrynda goldamak, Türkmenistanyň Mejlisiniň gün tertibinde duran soraglar bilen bagly geçirmeli işlere aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, halkara hususy hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmak, döwre görä emläk, eýeçilik, şertnama-hukuk, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet hyzmatlaryny sanly ulgamlar arkaly amala aşyrmak, hukuk kömegini bermek, telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, ykdysady işjeňligi üpjün etmek, ulag we logistika, dürli pudaklarda sanly hyzmatlary ösdürmek, kärhanalaryň işini, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, gurluşyk işleriniň kadalaryny düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmek, oba hojalyk önüm öndürijileri, tohumçylyk işini höweslendirmek, howanyň üýtgemegi, ekologiýa ýaly meselelere degişli kanunçylygy seljerip, möhüm işleri geçirmegiň wajypdygy bellenildi. Şeýle-de, durmuş syýasaty ulgamyna degişli, hususan-da, iş üpjünçiligini we zähmet gatnaşyklary, maşgalanyň, eneligiň hem-de çagalygyň goraglylygy, ýaşlary goldamak, saglygy goraýyş ulgamlaryna degişli kanunçylygy yzygiderli seljerip, degişli işleriň geçirilmeginiň zerurlygyna üns çekildi.
Mejlisde hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça seljerme işlerini geçirmek, teklipleri işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda deputatlardan, beýleki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat hukuk-bilermenler toparyny döretmek barada hem aýdyldy. Kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň öz wagtynda işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmek we degişli edaralar tarapyndan gözegçilik, usuly, amaly, maslahat beriş toparlaryny döretmek, olaryň işini guramak geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, kanun çykaryjylyk işiniň nazary we amaly meseleleri boýunça alymlaryň, hünärmenleriň, bilermenleriň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyklaryny guramagyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň, berlen tabşyryklaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli kabul eden Kararlarynyň, tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy ösdürmegiň orta we uzak möhletli Maksatnamalarynyň maksatlary we ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlary geçirmegiň wajypdygy bellenildi.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlara söz berildi we olaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan işler barada maglumatlar öz beýanyny tapdy.
Mejlisde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekildi.