Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň işewürlik wekilleri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 1-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellenildi we ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýandygyny nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türk kompaniýalarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandy bellenildi. “Çalyk Holding” kompaniýasy tarapyndan gurlan we iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş, önümçilik we energetika desgalary Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýedir. Hazar deňziniň kenar ýakasynda guruljak, kuwwaty 1574 megawatt bolan utgaşykly görnüşdäki elektrostansiýa bolsa, türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere eksportyny artdyrmaga, şeýle hem goňşy döwletlere we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berer.
Duşuşygyň ahyrynda Ahmet Çalyk türkmen halkynyň Milli Liderine bildirilýän ynam üçin minnetdarlyk bildirip, türk şereketi üçin ýurdumyzda iri infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmagyň uly mertebedigini belledi.
Şol gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda hususy bölek ugry boýunça köpýyllyk netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp wagtyň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigi hem-de şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlaryndaky ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandygy bellenildi.
Bu babatynda E. Ylyjak “Rönesans Holdingiň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini we munuň üçin bar bolan mümkinçiliklerini hem-de tejribesini ulanmaga taýýardygyny nygtady.