ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmidiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň çäginde taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň syýasy we ykdysady ugurlarda, şeýle hem daşky gurşaw howpsuzlygy we ynsanperwer gatnaşyklary meselelerinde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we onuň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar ÝHHG-niň wekiliýetiniň geçen ýyldaky netijeli saparlarynyň çäginde, Aşgabatda açylan ÝHHG-niň merkeziniň täze binasyny, şeýle hem Baş sekretar H.Şmid bilen Merkezi Aziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyklary kanagatlanma bilen bellediler.
Şeýle hem ykdysady we daşky gurşaw ölçegleri boýunça sebit ýurtlary bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin täsirli platforma bolup hyzmat edýän ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygynyň Aşgabatda üstünlikli geçirilmegi nygtaldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy, ÝHHG-niň wekiliýetleriniň ýokary derejeli saparlarynyň we dürli görnüşdäki bilelikdäki iri sebitleýin çäreleriň ykdysady, energetika we ekologiýa ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman nusgalaryny görkezýändigini, halkara düşünişmezlikleriň öňüni almak we ýok etmek, syýasy we dini ekstremizme, transmilli howplara, neşe gaçakçylygyna we serhetara jenaýatçylyga garşy täsirli mehanizmleriň döredilmegine ýardam edýändigini belledi.
Taraplar soňky ýyllarda Türkmenistanyň Parlament Assambleýasy, Milli azyklar boýunça Ýokary komissaryň edarasy, Demokratik edaralar we adam hukulary boýunça býurosy we Habar beriş serişdeleriniň azatlygy boýunça wekili ýaly ÝHHG-niň guramalary bilen gatnaşyklarynyň örän işjeňleşdirilendigi barada umumy pikiri beýan etdiler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandaky Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň edarasynyň üsti bilen ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň ösüşi bellenildi.
Baş Sekretar sebitde we onuň daşynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň oňyn ähmýeti barada belläp geçdi. Hususan-da, ÝHHG-niň ileri tutulýan ugurlary bilen utagşykly bolan Türkmenistanyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, durnukly ulag hem-de suw diplomatiýasy babatdaky başlangyçlarynyň ähmiýeti görkezildi.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen alnyp barylýan bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.