Ermenistanda türkmen sazandalarynyň konserti geçiriler
2024-nji ýylyň 12-nji martynda Arno Babajanýan adyndaky kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde nusgawy we halk aýdym-sazlaryndan ybarat bolan konsert geçiriler. Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy bu barada habar berýär.
Aýdym-saz agşamynyň dowamynda Nury Halmämmedowyň, Nury Muhtarowyň, Weli Muhadowyň, Haýdyr Allanurowyň, Aman Agajykowyň, Komitasyň, Arno Babajanýanyň we beýlekileriň eserleri ýerine ýetiriler. Konsert maksatnamasyna Ýuliýa Meýtusyň «Magtymguly» operasyndan we Weli Muhadowyň sazyna Aýlar bilen Çaryýaryň aýdyşygy hem girizildi. Konsert meýilnamasynda skripkaçy Bahram Dolyýew we beýleki ýerine ýetirijiler çykyş eder.
Bu konsert görnükli söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.
Konsert şol gün 19:00-da başlaýar.