Türkmen wekiliýetiň Matenadarana baryp görmegi

img
img
img
img
img
img

Gündogaryň görnükli şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan Halkara ylmy-usulyýet maslahatyna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen klassyky aýdymlarynyň we sazlarynyň konsertine gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasyna gelen türkmen wekiliýeti saparyň çäklerinde Mesrop Maştos adyndaky gadymy golýazmalar institutyna – Matenadarana baryp gördi.

Muzeýde 17 müňden gowrak golýazmalar we 100 müňden gowrak gadymy resminamalar saklanýar. Gadymy golýazmalar muzeý - instituty şol bir wagtda Ermenistanyň iri ylmy-barlag institutlarynyň biri bolup durýar.