«Kamerata Aşgabat» aýdym-saz topary Ermenistanyň «Ertiriňiz haýyrly bolsun» atly gepleşiginiň myhmany boldy

img
img
img
img
img
img
img
img

«Kamerata Aşgabat» aýdym-saz topary Ermenistanyň jemgyýetçilik telewideniýesi tarapyndan ýaýlyma berilýän «Ertiriňiz haýyrly bolsun» atly gepleşigiň  myhmany boldy.

Gepleşigiň dowamynda «Kamerata Aşgabat» topary ermeni teleýaýlymynyň tomaşaçylary üçin türkmen kompozitory Nury Halmämedowyň «Hüwdi» eserini hödürledi. Ony toparyň sazandalary Bahram Dolyýew, Akmyrat Kurbanow, Kakageldi Hojalekow we Tahyr Ataýew dagy ýerine ýetirdi.

Şeýle-de gepleşigiň dowamynda Tahyr Ataýew türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hem-de 12-nji martda Arno Babajanýan adyndaky kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde guralan konserti barada gürrüň berdi. Bu konsert görnükli söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

SalamNews Link: https://salamnews.tm/news/blog/turkmenskii-muzykal-nyi-kollektiv-kamerata-ashkhabad-stal-gostem-armianskoi-teleprogrammy-c85380