Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Panama Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rolando Enrike Barrow Noadyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine seljerme berildi.

Diplomatlar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösmeginiň zerurdygyny bellediler.

Ulag we logistika, himiýa senagaty, senagat, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak pudaklary hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmek we dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm orna eýe bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň meselelerine hem seretdiler.

Duşuşygyň dowamynda ministriň orunbasary Panamanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisinden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi we türkmen tarapynyň Ilçiniň diplomatik işini alyp barmakda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.