Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygyna sapary başlandy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Belgiýa Patyşalygynda iş sapary bilen bolýar.
Saparyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynda, Ýewropa Geňeşinde we Brýusselde ýerleşýän beýleki halkara guramalarynda, degişli ministrlikler we pudak edaralary, söwda-ykdysady gurluşlary we işewür toparlary, şeýle-de ençeme ýewropa kompaniýalary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.
Meýilleşdirilýän duşuşyklaryň gün tertibine Türkmenistanyň köptaraplaýyn halkara meýdançalaryndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmek, Belgiýa bilen syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek, şeýle hem ýewropanyň işewür toparlary bilen gatnaşyklary giňeltmek boýunça meseleler giriziler.