Türkmenistanyň we Belgiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy barada
2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministri Hadja Lahbibiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ministrler syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Şunuň bilen birlikde, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça gyzyklanmalary bildirdiler.