Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş indtitutynyň mugallymy ermeni talyplaryna umumy okuw sapagyny berdi.

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Menejment kafedrasynyň müdiri Çarymuhammet Şallyýew “Milli hasaplar ulgamy we esasy makroykdysady görkezijiler” temasy boýunça Ýerewan döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň talyplaryna umumy okuw sapagyny berdi. 

2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde bolsa Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň mugallymy Narek Karapetýanyň Türkmenistanyň ykdysadyýet ugry boýunça ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna “Ulgamlaýyn reformalar - ösüp barýan döwletlerde ösüşi dikeltmegiň esasydyr” temasynda umumy okuw sapagyny berendigini bellemek ýerlikli bolar. 

Iki dostlukly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda umumy okuw sapaklarynyň geçirilmegi eýýäm adata öwrüldi. Dürli ugurlar we bilim maksatnamalary boýunça tejribe alyşmak yzygiderli dowam etdirilýär.