Ermenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow bilen Ermenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, medeni-gumanitar, ulag-logistika ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtda halkara we sebitleýin guramalarynyň, hususan-da GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleriň üstünde durlup geçildi.
Şeýle hem, ulag mümkinçilikleri ulanmak arkaly iki ýurduň arasynda haryt dolanşygyny ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. M.Safarýan Ermenistanda häzirki wagtda ulag ugruny ösdürmek we täze mümkinçilikleri döretmek hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ulag babatdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Türkmenistanyň gatnaşýan ulag-üstaşyr geçelgelerine ermeni tarapy uly gyzyklanma bildirdi.
Duşuşykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde bu toparyň ornuna uly baha berildi.