Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýanyň duşuşygy barada

2024-nji ýylyň 17-18-nji maýynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýanyň duşuşygy bolup geçdi.

Duşuşykda medeniýet pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ilkinji nobatda iki döwletiň döwlet ýolbaşçylarynyň medeni-gumanitar ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmege aýratyn üns berýändiklerini bellediler.

Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda medeni-gumanitar ugrunda ýetilen anyk sepgitler we ýola goýlan ýakyndan hyzmatdaşlyk bar. Iki döwletiň medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Ermenistandaky Medeniýet günleriniň 2023-nji ýylda geçirilendigini bellemek bolar.  Duşugyň dowamynda şu ýylyň oktýabr aýynda Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmek baradaky mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol bir wagtda Ermenistanyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde ermeni kompozitory Arno Babajanýana bagyşlanan konsertiniň Aşgabat şäherinde geçirilmegi baradaky meseläniň üstünde durup geçdiler.