Magtymguly Pyragynyň we gadymy Änewiň şöhraty dünýä ýaň salýar

Ýakynda Türkiýe Respublikasynda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary türk dilinde neşire taýýarlanyldy. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzyň ähli künjeginde we daşary döwletlerde beýik akyldar şahyryň ýubileýine bagyşlanan çäreleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Olaryň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine ýardam etmekden, bu ugurda ylmy barlaglary çuňlaşdyrmakdan, türkmen nusgawy şahyrynyň şahyrana-filosofik mirasyna halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýyl “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, gadymy Änew şäheri bolsa “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Munuň özi halkara ynsanperwer başlangyçlary işjeňleşdirýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň tagallalarynyň we ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyryň şygyrlary täzeçe öwüşginde ýaňlanyp, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň nyşanyna öwrüldi. Beýik söz ussadynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir.

Magtymgulynyň eserleri asyrlar geçse-de, ähmiýetini ýitirmän gelýär hem-de ol Türkmenistanyň çäginden daşarda-da örän meşhurdyr. Çünki olarda Watana söýgi, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga çagyryş ýaly ebedi gymmatlyklar öz aýdyň beýanyny tapýar. Şahyr asyllylyk, wepalylyk, ahlak arassalygy, rehim-şepagatlylyk, dogruçyllyk, zähmetsöýerlik ýaly ynsanyň iň gowy häsiýetlerini wasp edipdir. Pyragynyň döredijilik dünýäsi baý we köpugurlydyr. XVIII asyryň türkmen durmuşy, taryhy, syýasy wakalar, türkmen topragyna çäksiz söýgi, ýaşaýşyň ebedi sowallary, tebigat gözelligi, ahlak päkligi — bularyň ählisi ussadyň şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr. Onuň goşgulary türkmen we türki dilli edebiýatyň ösmegine uly täsir edip, ýazyjy-şahyrlaryň soňky nesilleri üçin özboluşly edebi mekdebe öwrülipdir.

***

Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, “TÜRKSOÝ” hem-de gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Business Turk” žurnallarynyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite sanlary neşire taýýarlanyldy. Bu bolsa milli medeniýetimizi we edebi mirasymyzy dünýä ýaýmakda netijeli işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Täze neşirler Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny dünýä jemgyýetçiligine has giňden tanatmaga, Ýer ýüzünde parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan netijeli ynsanperwer dialogy, dostlukly gatnaşyklary, halklaryň arasyndaky düşünişmegi pugtalandyrmaga goşant goşar.