Türkmenistanyň birinji synp okuwçylary hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuklaryň kämilleşdirilen nusgalaryny alarlar

Täze ̶ 2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň 155 müňden gowrak birinji synp okuwçylaryna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri sowgat berler.

«Bilimli» atly noutbuklaryň täzelikleriniň hatarynda umumy ýadynyň göwrüminiň 128 Gb-e çenli we operatiw ýadynyň 4 Gb-e çenli artdyrylandygyny görkezmek bolar. Şeýle hem olara sanly şekilleri özünde jemleýän köp taraply sensor paneli goşuldy. Bu bolsa enjamy kalkulýatory işe girizmezden ulanmaga mümkinçilik berýär.

5000 mAs uly göwrümli akkumulýatory (3.7V Lithium-ion полимер) özbaşdak ýagdaýda uzak wagt işlemegi üpjün edýär. Mundan başga-da, noutbuklaryň ýanyna elektrik üpjünçiliginiň häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän Micro USB hem-de USB type-C kuwwatlandyryjy enjamlary goşulýar.

«Bilimli» atly noutbuklaryň programma üpjünçiliginde çagalara hasaplamagy we hat ýazmagy öwredýän ozal bar bolan oýunlaryň üstüne täze programma goşuldy. Ol ýol hereketiniň düzgünleri bilen tanyşdyrýar. Bu programmalar «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi tarapyndan «Aýdyň gijeler» HJ-i hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalary merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy bilen bilelikde taýýarlanylan okuw üçin niýetlenilen noutbuklar Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda birinji synp okuwçylara gowşurylar.