«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Çingiz Aýtmatow

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» atly medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz Gyrgyzystan Respublikasynyň Gahrymany, halk ýazyjysy, akademik, köpsanly baýraklaryň eýesi, meşhur ýazyjy Çingiz Törekulowiç Aýtmatow barada.

Çingiz Törekulowiç Aýtmatow, bütindünýä meşhur gyrgyz prozaçy, diplomatdyr. Ençeme gezek edebiýat boýunça Nobel baýragyna hödürlendi. Ol gyrgyz we rus dillerindäki eserleriň awtorydyr, şol eserler dünýäniň 170-den gowrak dillerine terjime edildi.

Ol 1928-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Gyrgyzystanyň Şeker diýen obasynda doguldy. Onuň kakasy Törekul Aýtmatow işjeň daýhan bolup, soňra Gyrgyzystanyň döwlet işgäri bolupdyr. Uruş ýyllarynda on dört ýaşly Çingiz obada geňeşiň sekretary bolupdyr, mugallym, maliýe agenti, kombaýnçynyň kömekçisi we traktorçy bolup işläpdir. 1953-nji ýylda oba hojalyk institutyny tamamlandan soň, weterinar bolup işläpdir.

Aýtmatow ýazyjylyk işine 1952-nji ýylda başlady. Onuň ilkinji eserleriniň biri «Gyrgyzystan» ýygyndysynda çap edilen «Gazetçi Dzýuýo» hekaýasy bolupdyr. 1958-nji ýylda ol A.M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynyň ýokary edebiýat okuwlaryny tamamlady. Şol ýyl hem onuň «Jemile» powesti çap edildi. Bu eser Aýtmatowa dünýä meşhurlygyny getirdi. «Jemile» powestinden soň, «Düýe gözi», «Ilkinji mugallym», «Ene toprak» powestleri hem-de «Daglaryň we sähralaryň powesti» ýygyndysy neşir edildi.

«Hoş gal, Gülsary» powesti Aýtmatowa döwlet sylagyny getirdi. 1978-nji ýylda Aýtmatow Sosialistik zähmetiň Gahrymany diýen ada mynasyp boldy. «Çapgy ýassygy» diýen romany ýazyjynyň soňky çap edilen eseri boldy.

Aýtmatowyň döredijiligi mifologik, epik öwüşginlere beslenendir. Onuň eserlerinde rowaýatlar, aýtgylar utgaşýar. Aýtmatow milli rowaýatlardan ylham alandygyny gürrüň berýärdi. Şolar arkaly eserler has dogruçyl häsiýete eýe bolýardy.

Ýaşulylyk döwründe ýazyjy köp wagt hassa boldy. Ol 2008-nji ýylda 80 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bişkek şäheriniň ýakasyndaky «Ata-Beýit» taryhy-ýadygärlikler toplumynda jaýlandy.

Çingiz Aýtmatow Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda geçirilen çärelere gatnaşypdy. Onuň eserleri boýunça köp sanly teatr eserleri sahnalaşdyryldy, birnäçe kinofilmler surata düşürildi. Seýilgählere, köçelere, mekdeplere onuň ady dakyldy, Çingiz Aýtmatow adyndaky halkara baýrak döredildi.