«Ýörite geýimler dünýäsiniň» ilhalar lybaslary

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasynyň işleri barha ilerleýär.

Döwletimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döredilen şertlerden peýdalanyp, 2016-njy ýylda esaslandyrylan bu kärhanada edara-kärhanalar üçin ýörite iş geýimleri tikilýär. Öz işlerini lukmanlara we şepagat uýalaryna niýetlenen lukmançylyk geýimlerini tikmekden başlan bu kärhana häzirki wagtda gerimini has-da giňeldip, bilim ulgamynda, senagat kärhanalarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz üçin ýörite geýimleri, şeýle hem sport eşiklerini ýokary hil derejesinde öndürýär.

Kärhanada önüm öndürilende ilki bilen şol hünäre mahsus reňkli we görnüşli matalar saýlanyp alynýar. Ýörite geýimler taýýarlanylanda bolsa, olaryň ölçegleri, işlemeklik üçin amatly bolmaklygy göz öňünde tutulýar. «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasynda taýýarlanylýan geýimleriň müşderileriň göwnünden turmagy, hil derejesiniň ýokary bolmaklygy, önümiň görnüşleriniň artmagyna getirýär. Häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän dürli hili ýörite geýimleriň görnüşleriniň 100-den geçmekligi ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Önümçiligiň geriminiň giňelmegi netijesinde kärhanada zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň sany hem barha artýar, ýagny häzirki döwürde olaryň sany 100-den geçipdir. Önümçilik depgini barha güýçlenýän bu hususy kärhanada bir ýylyň dowamynda 250 müňe çenli ýörite geýim öndürilýän bolsa, üstümizdäki ýylda bu ýerde öndürilen önümleriň sany eýýäm 180 müňden geçipdir. Kärhanada Hytaý, Germaniýa, Türkiýe, Ýaponiýa ýaly döwletleriň dünýä belli kompaniýalarynyň tikin enjamlarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligiň depgininiň has-da artmagyna, geýimleriň hil derejesiniň ýokarlanmagyna we göze gelüwli bolmagyna şert döredýär.

Öz öndürýän önümleri bilen ýurdumyzda geçirilýän dürli söwda sergilerine yzygiderli gatnaşmaklygy-da bu hususy kärhananyň giňden tanalmagyna, müşderileriň sanynyň barha artmagyna ýardam edýär. «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem ýokary zähmet üstünliklerine beslemekligi maksat edinýärler.