Türkmenistanyň aýdym-saz topary Özbegistanda «Şark taronalari» festiwalynda birinji orun eýeledi

Samarkantda «Şark taronalari» («Gündogar mukamlary») atly XIII Halkara festiwaly dabaraly tamamlandy. Onda birinji orun eýelän Türkmenistanyň milli aýdym-saz toparynyň ýeňiş gazanmagy festiwalyň netijeleriniň garaşylmadyk ýakymly sowgady boldy. 

Toparyň düzüminde ajaýyp sungat ussatlary toparyň aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Suhan Orazberdiýew, Türkmenistanyň halk artisti, depçi Hakberdi Allamyradow, dutarçy Döwlet Daňatarow, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň wekilleri Saparmyrat Amanmyradow (gyjak) we Allamyrat Muhammetgulyýew (gargy tüýdük) çykyş etdiler. 

Guramaçylar ýeňijileri sylaglap, olara diplomlary, özboluşly mazmunly heýkeljik hem-de pul baýragyny gowşurdylar. 

Festiwalyň Baş baýragyna Azerbaýjanyň «Semurg» topary mynasyp boldy. Hormat münberiniň ikinji basgançagyny zehinli toparlaryň ikisi: Gazagystandan «Atameken» we Özbegistandan «Makom Bend» eýelediler. Üçünji orny Ýaponiýanyň, Mongoliýanyň we Russiýanyň wekilleri paýlaşdylar. 

Festiwalyň çäklerinde «Gündogar halklarynyň saz medeniýeti: ählumumylaşma işlerinde döredijilik taýdan ýakynlaşmagyň ýörelgeleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa halkara ylmy-barlag institutlaryň hem-de döredijilik merkezleriň saz öwrenijileri, folklorçylary, medeniýeti öwrenijileri, ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen saz sungatyna degişli tema bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary kafedrasynyň müdiri Omar Igamow çykyş etdi. 

ÝUNESKO-nyň howandarlygynda 1997-nji ýyldan bäri geçirilýän «Şark taronalari» halkara festiwaly halklary birleşdirýän we täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan hakyky sungat baýramçylygyna öwrüldi.