Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Wengriýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Ýožef Roža bilen duşuşygy geçirildi. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatyny gowşurdy.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli işlemegi arzuw etdi.

Ilçi Ýožef Roža bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýokyň Türkmenistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna hem-de halkyna mähirli salamyny we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň çäklerinde diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasy ugry bilen tanyşdyryldy.

Taraplar ikitaraplaýyn görnüşde hem-de iri halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň we ÝB-niň çäklerinde türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigini bellediler.

Mejlisiň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Durmuşa geçirilýän milli we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň ählisiniň halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigi bellenildi. Munuň özi halkara giňişlikde Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, saglygy goraýyş ulgamlary we oba hojalygy ýaly birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Iki ýurduň halklarynyň özara düşünişmegine, ynanyşmagyna ýardam edýän parlamentara hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýožef Roža netijeli söhbetdeşlik üçin hoşallyk bildirip, ynanyşmak ýörelgesi esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.