Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurýew Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Niýaz Çardakliýa bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gepleşikleri ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar.

Halkara guramalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk babatynda taraplar halkara meýdançalarynda ýurtlaryň başlangyçlaryny özara goldamagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmak we ösdürmek maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmek teklibi öňe sürüldi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, taraplar netijeli parlamentara, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipleri beýan etdiler.