ILÇILERIŇ ARASYNDA WE WELOUSSATLARYŇ ARASYNDA WELO BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

photo

2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Ýerewanyň welotrek meýdançasynda Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Ermenistanyň Welosiped sporty federasiýasynyň ýardam bermeginde 3-nji iýunda ilkinji gezek bellenilip geçilen Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanylyp welo bäsleşik gurnalyp geçirildi.

Bäsleşige Ermenistanda akreditirlenen diplomatik missiýalaryň we halkara gurmalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, Ermenistan Respublikasynyň Sport we ýaşlaryň işi boýunça ministrliginiň wekilleri, Ermenistanyň Welosiped sporty federasiýasynyň agzalary, türgenler we tälimçiler gatnaşdylar. Ýaryş ermeni köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýaýradyldy.

Bäsleşigiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda «Bütindünýä welosiped gününiň» yglan edilmeginiň, şeýle hem Türkmenistanyň welosipedli ýörişi wagyz etmekdäki öňdebaryjy ornunyň wajyplygy aýratyn bellenildi.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň sport ulgamyny ösdürmekdäki döwlet syýasaty bilen tanyş boldular. 3-nji iýun «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilen Rezolýusiýa Türkmenistanyň köpçülikleýin sagdynlyk ýörelgelerine, welosiped sürmek medeniýetiniň emele gelmegindäki, sport we ekologiýa ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna eýedigine şaýatlyk edýär. 2017-nji ýylda dünýäniň 62 döwletinden türgenleriň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi, üstümizdäki 2018-nji ýylda şu ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygaryna bagyşlanylyp, «Amul-Hazar 2018» atly halkara awtorallisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenilip geçildi. Şeýle hem, şu ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň paýtagtynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýändigi bellenildi.

Şeýle hem, köpçülikleýin bedenterbiýäni we welosiped sürmegi wagyz etmekde, sporty ösdürmekde Türkmenistanyň gazanan ýokary netijeleri, milli ösüş strategiýasynyň durmuş we ekologiýa düzümleriniň möhümligine şaýatlyk edýändigi habar berildi. Şunuň bilen birlikde, sport bilen işjeň meşgullanýan we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri gurnamak başlangyçlary bilen çykyş edip, hut özüniň bu ýörişlere gatnaşyp, görelde görkezýän Türkmen lideriniň bitirýän işleriniň örän uludygy bellenildi. 3-nji iýun «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi Türkmen döwletiniň parahatçylygy, dostlugy we öndürijilikli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagyna şaýatlyk edip, Türkmenistanyň berk halkara abraýynyň we onuň parahatsöýüjilige, ynsanperwerlige we netijelilige ygrarlydygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.  

Gysga we uzak aralyklara gurnalan gurnalan ýaryşlarda diplomatik korpusyň agzalary bilen bir hatarda ýaş weloussatlar we Ermenistanyň Welosiped sporty federasiýasynyň agzalary öz başarnyklaryny görkezdiler.

Ilçihananyň adyndan weloýörişe gatnaşanlaryň ählisine ýadygärlik sowgatlar, bäsleşigiň ýeňijilerine degişlilikde I, II we III orun eýelänlere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy

08.06.2018ý., Ýerewan şäheri