Mejlisiň Başlygy Gresiýanyň Türkmenistandaky Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty täze jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropulunyň Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda Mejlisiň Başlygy diplomaty Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, Ýewropa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Türkmenistan - Ýewropa Bileleşigi” dialogynyň, iri halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem Ilçä diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde-de durnukly ösüşiň gazanylmagynda uly ähmiýete eýe bolan giň gerimli taslamalar barada maglumat berildi.

Türkmen-grek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Mejlisiň alyp barýan köpugurly işi ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mowzuklaryň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy, bu bolsa döwletara dialogyň ähli esasy ugurlarda işjeňleşdirilmegine gönüden-göni ýardam berer.

Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýekaterini Ksagorari mähirli kabul edilendigi hem-de netijeli duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjakdygyna, iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine gönükdirilen işleri dowam etdirjekdigine ynandyrdy.