Türkmen halkynyň Milli Lideri we BMG-niň Baş sekretary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini bellediler
2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretary bilen geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny, uly hormat goýýandygy baradaky sözlerini ýetirdi.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de BMG-niň sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen syýasatyna, bu ugurdaky başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz BMG-niň düzüm birlikleri bilen geňeşmeleriň esasynda işlenilip düzülen Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny esasy ugurlaryny beýan etdi.
Bu resminamada ýurdumyzyň häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine garaýyşlary beýan edilýär, şeýle-de onda özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek barada ýurdumyzyň garaýyşlary kesgitlenilýär.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş sekretaryny 2025-nji ýylda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylmagy göz öňüne tutulýan meýilnamalar bilen tanyşdyrdy we bu ýylyň özgerişler ýyly bolup biljekdigini we bolmalydygyny nygtap, BMG-niň Türkmenistanyň Konsepsiýada beýan edilen maksatlaryny goldajakdygyna ynam bildirdi.
Konsepsiýanyň köp babatda BMG-niň başlangyjy boýunça geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen «Geljegiň sammitiniň» esasy mazmunyna esaslanylandygy aýratyn bellenildi. Şoňa görä-de, Türkmenistan Konsepsiýany şol sammitiň jemleýji resminamasy bolan «Geljegiň hatyrasyna pakty» durmuşa geçirmäge özboluşly goşant hasaplaýar.
BMG-niň Baş sekretary ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Konsepsiýanyň wajypdygyny belläp, ony dolulygyna makullady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde durýan işleriň esasy ugurlary barada aýdyp, howpsuzlyk bilen bagly meselä ünsi çekdi hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyny nygtady.
Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almagyň we olary aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny işjeň ulanmak bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr.
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryny ilerletmek üçin Bitaraplygyň mümkinçiligini giňden ulanmagyň, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz bu teklipleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň dünýäde syýasy dartgynlygy azaltmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça dialogy işjeňleşdirmegi pugta maksat edinýändigini tassyklady.
«Anyk aýdylanda, gürrüň Merkezi Aziýadaky ýagdaý barada barýar. Biz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryna esaslanmagy maksat edinýäris», - diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Merkezi Aziýada howpsuzlygyň derejesi we ýagdaýy köp babatda häzirki döwürde sebit gün tertibinde durýan meseleleriň giň toplumynyň netijeli çözülmegine baglydyr. Şolaryň biri-de suw bilen bagly meseledir.
Bu ugurda ýurdumyzyň garaýşy geçen ýylyň 3-nji dekabrynda Er-Riýadda geçirilen «Bitewi suw» sammitinde anyk beýan edildi. Türkmenistan Merkezi Aziýada suw bilen bagly meseleleriň tutuş toplumyna seredilende halkara hukugy berjaý etmäge, sebitiň döwletleriniň bähbitlerini özara nazara almaga hem-de bu işe halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyny çekmäge esaslanýan çemeleşmä eýerýär.
Bu kadalaryň bozulmagy sebitiň ýurtlary üçin howply bolup, ekologik, durmuş-ykdysady, ynsanperwer ugurlarda ägirt uly töwekgelçilikleri döredýär.
Gahryman Arkadagymyz Owganystandaky ýagdaý barada durup geçip, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň bu ýurtda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny gazanmak, onuň ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça tagallalary goldaýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Owganystanda häzirki täze häkimiýet babatda oýlanyşykly, hakyky ýagdaýdan ugur alýan syýasaty alyp barýar. Şeýle hem bu ýurduň täze häkimiýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlaryny, halkara derejede ykrar edilen çemeleşmeleri nazara alyp, dialogy saklaýar. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň gatnaşmagynda iri ykdysady taslamalar durmuşa geçirilýär.
Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň çäginden Pakistana uzajak elektrik geçiriji ulgamyň, Türkmenistandan owgan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy bar.
Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda Owganystanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini hem berip gelýär. Ýurdumyz öz serişdeleriniň hasabyna durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we şeýle kömegiň geljekde-de üýtgewsiz dowam etdiriljekdigini nygtady.
BMG-niň Baş sekretary Milli Liderimiziň telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda beýan eden, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi, abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen teklipleriniň we başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de olary goldady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sebit howpsuzlygy baradaky meselä geçip, bu ugurda Türkmenistanyň Hazarýaka döwlet bolup durýandygyny hem göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi. «Şoňa görä-de, Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygyň ýagdaýy bizi alada goýýar».
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürendigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bitarap döwletlere Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynda «ileri tutulýan hyzmatdaş» hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyçlaryna esaslanyp, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döretmek işine jogapkär düzümleri bilen işjeň iş alyp barmaga taýýardygyny beýan etdi.
Şu maksat bilen, Türkmenistanyň çäginde parahatçylyk dörediş işiniň iki merkezini döretmek mümkinçiligine seredip bolar. Elbetde, bu ugurda işler Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara almak bilen amala aşyrylar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu işleriň esasy maksadynyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda gapma-garşylyklaryň öňüni almak bilen bagly meseleleri çözmek üçin bitaraplygyň kadalaryny iş ýüzünde ulanmak bolup durýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky bilelikdäki işiň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilen hereketleri milli derejede hem, ýurdumyzyň durnukly ösüş babatda halkara tagallalara öz goşandyny goşmagy bilen bagly hem işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň öňe süren Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany taýýarlamak, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini döretmek baradaky başlangyçlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam edip biljekdigi nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň öz hyzmatdaşlary bilen iri ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologiýa, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça işleri dowam etdirjekdigini tassyklap, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça döredilen «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň bu işlerde goldaw berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen giň ynsanperwer gün tertibi boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň netijelerine esaslanyp, ýurdumyzyň Merkezi Aziýada apatridler we bosgunlar bilen işlemek boýunça tejribesini halkara derejede hem ulanmak teklibi beýan edildi.
«Şu ýyl biziň öňümizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrmak wezipeleri durýar».
Halkara forumynyň geçirilmegi öňde boljak çäreleriň esasy wakasy bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de bu forumy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde guramagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretaryny uly hormat bilen bu sammite gatnaşmaga çagyrdy.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş 2025-nji ýylyň Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, şu ýylyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň düzüm birlikleriniň Türkmenistan tarapyndan guraljak halkara çärelere işjeň gatnaşjakdyklaryny bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady hem-de Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ynamdar hyzmatdaşy we pikirdeşi, sebitde hem-de dünýäde onuň ygtybarly daýanjy bolandygyny, bolýandygyny we şeýle bolmagynda-da galjakdygyny belledi.
«Biz bu garaýşyň aýdyň tassyknamasy hökmünde Türkmenistanda geçiriljek halkara duşuşyklarda we çärelerde öz milli baýdagymyz bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň hem goýulmagyny isleýäris. Biziň üçin bu buýsanjyň alamaty, Bitarap Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlarynyň we maksatlarynyň bitewüliginiň nyşany bolar», – diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň häzirki wagtda örän derwaýysdygyny belledi hem-de ýurdumyzyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri esasynda bu ugurda durmuşa geçirýän işlerini goldaýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy boýunça geçirildi.