Türkmenistanyň Ilçisi Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini ösdürmek we haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gürrüňdeşler şeýle hem ulag-logistika infrastruktura meseleleriniň üstünde durup geçdiler.

Duşuşykda Türkmenistanyň Söwda öýüni Ermenistanda açmagyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.