Türkmenistan BMG bilen ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýeriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we geljegine giňişleýin garadylar hem-de Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ösmegine goşýan goşandyny bellediler.

Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň ýaşlarynyň BMG-niň, ÝUNISEF-iň we ÝUNESKO-nyň maksatnamalary ýaly halkara başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygyny habar berdi. Ýaşlary DÖM-e ýetmek işlerine çekmegiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Ministr DÖM-iň ýaş ilçileriniň Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forum ýaly ählumumy meýdançalarda Türkmenistana wekilçilik etmek bilen, ýurdumyzyň ählumumy gün tertibine ýetmekdäki goşandyny görkezýändiklerini nygtady.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň “Ýaşlar 2030” strategiýasynyň maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy.

Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň maý aýynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň geçirilmegiň ähmiýeti barada aýdyldy.

Taraplar ýurdumyzyň ýaşlaryny we ýetginjeklerini goldamaga, sebit we halkara derejede geçirilýän çärelerde olaryň wekilçiligini giňeltmäge gönükdirilen 2025–2027-nji ýyllar üçin “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly maksatnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurdumyzyň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly halkara gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň dialogynyň işini goldamak boýunça işleri dowam etdirmäge meýillidigi nygtaldy.

Öňde boljak çäreler mowzugyna degip geçmek bilen, taraplar 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) çäklerinde geçiriljek Ýaşlar forumy LLDC3 bilen bagly meselelere degip geçdiler.