Türkmenistan hem-de Hytaýyň Gansu welaýaty hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň gubernatorynyň orunbasary Leý Syweýiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça depginli ösýändigini nygtadylar.

Söhbetdeşler dostlukly türkmen hem-de hytaý halklaryny ýakynlaşdyrýan netijeli gurala öwrülen ylym, bilim, medeniýet we sungat ýaly wajyp ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini öwrenýän ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy, ýurdumyzyň talyplarynyň köpüsiniň bolsa Hytaýda okaýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan netijeli hyzmatdaşlygyň okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirildi.