Türkmenistanyň DIM-de türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkiýe Respublikasynyň DIM-iň Merkezi Aziýa we Türk döwletleri guramasynyň işleri boýunça Baş müdirliginiň başlygy Togan Oralyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.