Türkmenistanyň we Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2025-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň bilen Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Wenesuelanyň wekiliýetine Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Tatýana Pýu Morena ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň derejesi, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen Wenesuelanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi tassyklandy.
Dürli saparlaryň we halkara çäreleriň çäklerinde geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ähmiýetini bellemek bilen, M.Bäşimowa hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek üçin şeýle geňeşmeleriň möhümdigini belledi.
Taraplar halkara meýdançalarda, hususan-da, BMG-niň çäklerinde möhüm halkara başlangyçlaryny özara goldamak we awtordaşy bolup çykyş etmek boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler.
Söwda-ykdysady ugurda, şol sanda energetika, nebit we gaz senagaty, “ýaşyl” tehnologiýalar we oba hojalygy ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge umumy gyzyklanma beýan edildi.
Medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine aýratyn ähmiýet berildi. Medeni maksatnamalary alyşmak, bilelikdäki bilim taslamalaryny guramak we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen çäreleri geçirmek boýunça mükinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Wenesuelanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri gurnamak we geçirmek meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
***
Şol gün Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Daşary işler boýunça halk häkimiýeti ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeleriň mehanizmini döretmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.