Brýussel şäherinde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi

2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Brýussel şäherinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisi geçirildi. Mehanizmiň çäginde adam hukuklary babatynda hereketleriň milli meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegini, hukugyň hökmürowanlygyny berkitmegi, gender deňligini üpjün etmegi we halkara düzümlerde hyzmatdaşlygy öz içine meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümi Türkmenistanyň Adalatçysy, Bilim ministriniň orunbasary, şeýle hem Ýokary Kazyýetiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler, Adalat ministrlikleriniň we Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekillerinden ybarat boldy.
Dialogyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini, şol sanda Adalatçynyň diwanynyň işini we kazyýet özgertmeleriniň çägindäki başlangyçlary öz içine alýan yzygiderli alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny üpjün etmek, şeýle hem Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýasyna we Gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasyna laýyklykda borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berildi.
Ara alyp maslahatlaşmalarda Türkmenistanyň halkara guramalary, hususan-da BMG, ÝHHG hem-de beýleki ýöriteleşdirilen düzümler bilen adam hukuklaryny ilerletmek we goramak meselelerinde hyzmatdaşlygyna aýratyn orun degişli edildi. Türkmenistanyň konstruktiw halkara dialoga açyklygy hem-de özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlylygy nygtaldy.
Dialogyň netijeleri boýunça taraplar yzygiderli geňeşmeler tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar, şeýle hem hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek ruhunda mundan beýläk hem özara gatnaşyklaryň anyk ädimleri boýunça ylalaşdylar.