Palestinanyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Rana Abu Hijleh bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

R.Meredow Palestinanyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy bilen bagly meselelere degip geçdiler, şeýle hem gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürilmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Diplomatlar döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklaryny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi türkmen-palestin hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.