Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Iki ýurduň DIM-leriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministrler Türkmenistanyň we Russiýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda ýola goýlan yzygiderli we ynamdar dialoga döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde aýratyn ornuň degişlidigini bellediler.
Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm faktory bolup iň ýokary döwlet derejesindäki netijeli dialogyň çykyş edýändigini aýratyn nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Ministr Lawrow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa şäherine amala aşyran saparyny belläp geçdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025" XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparynyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçiriljek geňeşmeleriň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň köptaraplaýyn formatlardaky, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň, Hazar “bäşliginiň” hem-de “Merkezi Aziýa-Russiýa” çäklerindäki özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi.
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.