Türkmenistanyň DIM-nde halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk we ynsanperwerlik wehimlerine jogap bermek boýunça tegelek stol geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde tegelek stol geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Çärede goňşy sebitlerde ýüze çykan syýasy ýagdaýy göz öňünde tutup, daşary ýurtlaryň howa gämilerine Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hyzmat etmegi, türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň gije-gündizleýin işlemegini üpjün etmegi we agzalanlar bilen baglanyşykly ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy öz içine almak bilen Türkmenistanyň ugurdaş düzümleri tarapyndan toplumlaýyn işleriň ýerine ýetirilendigi bellenildi.

Migrasiýa dolandyryşy, amaly gurallary alyşmak we çylşyrymly ýagdaýlara garşy çäreleri görmekde mümkinçilikleri artdyrmak babatynda öňdebaryjy halkara çemeleşmeleri girizmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy we beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berildi.

Gatnaşyjylar şeýle hem, halkara hünärmenleriň we ynsanperwer guramalaryň gatnaşmagynda adatdan daşary migrasiýa ýagdaýlaryna dessin jogap bermegiň amaly mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Çylşyrymly ýagdaýlarda milli düzümler bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda täsirli we utgaşdyrylan aragatnaşygy ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Çäräniň ahyrynda taraplar migrasiýa pudagynda ýüze çykyp biljek kynçylyklara garşy taýýarlygy üpjün etmekde hyzmatdaşlygy has hem berkitmäge we tejribe alyşmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.