Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy.
Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen ajaýyp Arkadag şäheriniň iki ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderini bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady.
Şeýle hem myhman her gezek sapar bilen Türkmenistana gelende, täze ösüşleriň şaýady bolýandygyny belläp, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de işewüriň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýändigini belledi.
Häzirki wagtda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda netijeli iş alyp barýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertleri nazara almak bilen, geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo” kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýratyn bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde gurulýan Medisina klasterinde hem iş alyp barýandyklaryny belläp, Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini aýtdy hem-de “Daewoo” kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdiklerini ynam bildirdi.
Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge döredilýän şertler üçin hoşallyk bildirip, Koreýanyň Taekwondo Federasiýasynyň türkmen halkynyň Milli Liderine taekwondonyň iň ýokary ussatlyk derejesini – dokuzynjy dany bermek barada çözgüt kabul edendigini aýtdy we bu baradaky degişli sertifikaty hem-de ýörite taekwondo sport lybasy gowşurmaga rugsat bermegini haýyş etdi.
Soňra Koreýa Respublikasynyň Kukkiwon taekwondo federasiýasynyñ ýolbaşçysy Çon Kapkil sporty dünýäde giňden wagyz etmekde, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, bu ugurda ýaşlara görelde bolmakda, şeýle hem Türkmenistanda taekwondony ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna taekwondonyň dokuzynjy danynyň berlendigini tassyklaýan sertifikaty hem-de ýörite taekwondo sport lybasy dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bitiren hyzmatlaryna berlen ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirip, bu belent sylagy ähli türkmen taekwondçylaryna berlen sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlik-de, taekwondony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleriň dörediljekdigini we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdiriljekdigini aýratyn belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda sportuň bu görnüşiniň giňden ýaýrandygyny aýdyp, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Koreýa Respublikasynyň Kukkiwon taekwondo federasiýasynyñ ýolbaşçysynyň türkmen türgenleri bilen duşuşyk geçirip, özüniň maslahatlaryny bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Kukkiwon taekwondo federasiýasynyñ ýolbaşçysyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.