Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

photo

2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Özbegistanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly tagallalaryna ýokary baha berip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ýakyn goňşusy, ygtybarly hyzmatdaşy bolan doganlyk Özbegistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi.

Söhbetdeşler soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylyp, ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. 

Döwletara gatnaşyklar açyklygy, ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar.

Türkmenistan bilen Özbegistan ikitaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda yzygiderli we netijeli dialog ýola goýuldy.

Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik häsiýetli türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyny aýratyn nygtap, munuň üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwletara dialogyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.