Aktauda geçen saz festiwalynyň baş baýragy Röwşen Nepesowa berildi

Gazagystanyň Aktau şäheri 2025-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglanyşykly Aktau şäherinde geçirilen çäreleriň çäginde 30-dan gowrak bäsdeşiň gatnaşan «Мангыстау макамдары» atly halkara kompozitorlar bäsleşigi täsirli waka boldy.
Bäsleşigiň şertlerine görä, kompozitor kamera orkestri üçin nusgawy awtorlyk eserini ýa-da halk saz gurallary orkestri üçin bir eser hödürläp bilýärdi.
Eminler toparynyň düzümine TÜRKSOÝ-yň tanymal kompozitorlary girýärdi. Eminleriň karary bilen bäsleşigiň baş baýragy – Gran-pri «Beket ata rowaýaty» atly eseri üçin türkmen kompozitoryna, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Röwşen Nepesowa berildi.
Bu ýakymly täzelik dessine uly seslenme döretdi. Biz Röwşen Nepesow bilen duşuşdyk we onuň täze eseri barada gürrüň bermegini haýyş etdik.
– Bäsleşigiň öňýany men gaýany oýup, metjit guran Beket ata barada rowaýaty okadym, – diýip, R.Nepesow gürrüň berýär – Bu adamyň ummasyz zähmeti, erjelligi we ussatlygy mende unudylmajak täsir galdyrdy, şonuň üçin men hem oňa bir saz eserini bagyşlamak kararyna geldim. Täze eserimiň epigrafy hökmünde men şu sözleri aldym: «Ruhy päklenişe ýol hakyky synag, agyr zähmet we özüňden üstün çykmakdyr». Men ähli türki halklaryň medeniýetini birleşdirýän saz ýazdym. Ähtimal, «Beket ata hakyndaky rowaýat» hut şunuň üçin şeýle ýokary baha mynasyp bolandyr.
– Ýeňşiňiz yglan edilende, sizi nähili duýgy gurşap aldy?
– Meniň ilki başdan geçiren duýgym Watanyma bolan buýsanç, onsoň, elbetde, beýleki duýgular sabaşandan biraz soňrak gelen şatlyk duýgusy bolsa gerek.
– Eserňizden netije çykarsak, Siz ruhy päklenişe ýoly agyr zähmet hasap edýärsiňiz-dä? Ol, näme, tebigy we ýeňil bolup bilmezmi?
– Akylyň tebigy ýagdaýy – bu pikirleriň, jogap hereketleriniň, baglylygyň we ätiýaçlygyň akymydyr. Päklenme bolsa bu şertlilikleriň daşyna çykmakdyr.
– Siziň sazyňyz nähili döreýär?
– Meniň üçin başlangyç nokat notalaryň owadan yzygiderliliginden döreýän mukam däl. Meniň sazym içimde başlanýar. Bu – duýgy, pikir, terz, aýdylmadyk duýgular, hatda sorag ... Men mukam düzemok, men ony içimde ýaňlanýan zady diňläp tapýaryn.
– «Meniň sazym» diýen düşünje «umumy türki» ýa-da umumadamzat» diýen düşünjeler bilen nähili birleşýärler?
– Men türkmen topragynda önüp-ösen, onuň ruhuny, azabyny we şatlygyny özüne siňdiren adam. Şonuň üçin-de halk döredijiligini bolşy ýaly göçüremok. Netijede, diňleýjiler bilen saz dilinde söhbet edip bilýärin, özi-de islendik mowzukda.
– Bäsleşikde gazanan ýeňşiňiz üçin sag boluň! Geljekde mundan-da ýokary üstünlikler gazanmagyňyzy arzuw edýäris!