Türkmenistan himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli artdyrar

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda, täze toplumyň ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etjekdigini, şeýlelikde, daşary ýurtlardan getirilýän fosforly dökünleri özümizde öndürmäge şert döretjekdigini belledi.

«Toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler. Ol ulanmaga berlenden soň, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer» – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem döwrebap himiýa kärhanasynyň işe girizilmegi bilen, goşmaça iş orunlarynyň dörejekdigini, onda zähmet çekjek hünärmenleriň esasy bölegini bolsa daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanjakdygyny aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz önümçilik infrastrukturasyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde Türkmenistanda şeýle taslamalary durmuşa geçirilende, ähli ekologiýa talaplaryny berjaý etmäge we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini hem aýtdy.