Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň italiýan dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby Bahar Aýdogdyýewa «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
Bahar bu ýokary ada Gazagystan Respublikasynyň «Bilim-orkenieti» Milli innowasion ylmy-barlag merkezi hem-de «Žana Kazahstan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» atly halkara internet-bäsleşiginiň netijeleri boýunça eýe boldy.
Halkara bäsleşigiň eminleri ylym, sungat we döredijilik ulgamynda türkmen talyp gyzynyň üstünliklerine ýokary baha berdiler. Bahar Aýdogdyýewa I derejeli Diplom, döşe dakylýan nyşan we kubok bilen sylaglandy.
Bu ugurlaryň ösdürilmegine şahsy goşandy hem-de bäsleşikde gazanan mynasyp ýeňşi netijesinde Türkmenistanyň talyby Merkezi Aziýanyň iň gowy talyplarynyň hataryna girdi.