Çaganyň irki ösüşi boýunça milli hünärmenler üçin okuw

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde çaganyň irki ösüşi ugrunda işleýän saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri üçin iki günlük okuwyny geçirdiler.
Okuw maslahatynyň maksady – irki ýaşdaky çagalara ideg etmekde maşgalalara hünär taýdan goldaw bermek boýunça netijeli aragatnaşyk we özara gatnaşyk ýörelgelerini kämilleşdirmekden ybarat boldy.
Okuwyň çäginde gatnaşyjylar ýaş aýratynlygyna laýyklykda ideg etmekligi, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) tekliplerine laýyklykda çagalaryň iýmitlenmegi, şeýle hem ene-atalaryň çaganyň ösüşine gündelik hereketleriň üsti bilen gatnaşmagynyň ähmiýeti ýaly möhüm mowzuklary özleşdirdiler.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar ene-atalar üçin täze taýýarlanan gollanma bilen tanyşdylar. Bu gollanma maşgala agzalaryna çaganyň doglan gününden bäri bäş ýaşyna çenli ösüşini yzarlamaga ýardam eder. Şeýle hem ene-atalar bilen duşuşyklary geçirmek, olardan pikir alyşmak we gollanmany maşgalalaryň isleglerine görä laýyklaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.