Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Zagrebde

photo

2025-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat topar iş sapary bilen Horwatiýanyň paýtagty Zagreb şäherine bardylar. Bu sapar ÝHHG-niň (Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy) Aşgabatdaky wekilhanasy tarapyndan guraldy.

Horwatiýanyň paýtagtynda dürli neşirleriň wekilleri döwrebap şertlerde iş tejribesini alyşmak maksady bilen birnäçe günüň dowamynda duşuşyklary geçirerler.

7-nji iýulda Türkmenistanyň metbugat wekiliýetiniň ýolbaşçylary we işgärleri Horwatiýanyň Daşary işler we Ýewropa işleri ministrliginde boldular. Saparyň resmi meýilnamasy žurnalistlerimiziň ýurduň parlamentinde, Medeniýet ministrliginde we Horwatiýanyň telewideniýesinde geçiriljek duşuşyklary hem-de gürrüňdeşlikleri öz içine alýar.

Amaly tejribe alyşmakda türkmen žurnalistleri üçin iň gyzyklylary Horwatiýanyň Habarlar agentligi (HINA), Elektron metbugat agentligi (Electronic Media Agency), «Jutarnji list»/Hanzamedia neşiri, «Novosti» we beýleki köp sanly metbugat guramalary bilen boljak duşuşyklardyr.

Horwatiýada ykdysadyýet, medeniýet, sport we jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýan köp sanly internet çeşmeleri hereket edýär. Mundan başga-da, ýurduň çäklerinde köp sanly çap neşirleri – milli hem-de ýerli gazetler bolup, olar jemgyýetçilik meselelerini, işewürlik we ilatyň saglygy bilen baglanyşykly mowzuklary beýan edýärler. Ýurduň telewideniýesi bolsa halk üçin maglumatlaryň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar.

Türkmenistandan gelen tejribeli žurnalistler hem öz gezeginde horwatiýaly kärdeşlerine paýlaşar ýaly baý tejribelere eýedirler. Pikirleri alyşmak hem-de döredilýän işewür gatnaşyklarynyň diňe bir iki ýurduň metbugat wekillerine däl, eýsem, Horwatiýa bilen Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge hem oňyn täsir ýetirjekdigine şübhe ýokdur.