Türkmenistanyň we Çad Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Çad Respublikasynyň Daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça ministri Abdulaýe Sabre Fadulyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we ösdürmegiň geljegine garadylar.
Taraplar halkara guramalarynyň çägindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.