Türkmenistanyň we Tunisiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

photo

2025-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Tunis Respublikasynyň Daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtdaky tunislileriň işleri boýunça ministri Mohamed Ali Naftiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Konstruktiw häsiýetli söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak gün tertibiniň esasyny düzdi.