Bereketli bakjaçylar ilatymyzy tebigy taýdan arassa, ýokary hilli önümler bilen üpjün edýärler

photo

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip beren döwrebap şertleridir mümkinçilikleri netijesinde kärendeçi daýhanlar. mülkdarlardyr ýer eýeleri mukaddes topraga göwnejaý ideg edip, bol hasyl ösdürip ýetişdirýärler. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýly ülkämiziň ak bazarlaryndaky yzygiderli bolçulygy şertlendirýär.

Tutuş Diýarymyzda bolşy ýaly, bu ugurda Balkan welaýatynda hem tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Welaýatyň iri oba hojalyk merkezleriniň biri hasaplanýan Bereket etrabynyň zähmetsöýer bakjaçy daýhanlary-da ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 34, hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllygynyň taryhy seneleriniň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da tutanýerli zähmet çekýärler. Olar şanly seneleri guwandyryjy zähmet sowgatlary bilen garşylamagy, ilatyň baýramçylyk saçaklarynyň süýji önümlerden doly bolmagyna saldamly goşantlaryny goşmagy esasy maksat edinýärler.

Şu günlerde bolsa bereketli bakjaçylar ekin meýdanlarynda ýetişdirýän bakja ekinleriniň bol hasylyny ýygnap, terligi bilen alyjylara ýetirýärler. Şeýle-de arzyly, islegli, önümlerden kak, toşap ýaly üýtgeşik nygmatlary taýýarlaýarlar. Etrap boýunça üstümizdäki ýylda 400 gektar bakja meýdanyndan 8 müň tonna hasyl almak bellenildi. Häzirki wagtda onuň agramly bölegini ýerine ýetirip, abraýly sepgide golaýlan edermen hasyl ussatlary gawundyr garpyz hasylyny ýygnamak işlerini gowşamaýan depginlerde gyzgalaňly dowam etdirýärler.

Ýeri gelende aýtsak, janypkeş daýhanlaryň ýadawsyz zähmet siňdirip ýetişdiren behişdi nygmatlary diňe bir özüniň daşky görnüşi, möçberi boýunça däl, eýsem, datly, süýji tagamlary bilenem dünýä äşgärdir. Elbetde, hormatly Prezidentimiziň daýhanlara, ýer eýelerine döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri olary has-da gaýratly, joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Bereketli ekerançylar ýylyň-ýylyna bolşy ýaly, şu ýylam süýjülikde şeker-nabatdan süýji, baldan datly gawundyr garpyzyň ençeme görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde guwandyryjy netijeler gazandylar. Şu mahalam Garagum derýasynyň boýunda keşde kimin çekilen bereketli meýdanlarda zähmet gaýnap-joşýar. Bakjaçylar bu altyn topragyň üýtgeşik, täsin nygmatlary bolan gawun-garpyzlaryň onlarça görnüşiniň hasyllaryny ýygnamakda has-da yhlaslylyk görkezýärler. Şeýdibem, olar azyk önümleriniň bolçulygyny döredip, bazarlarymyzy gök-bakja, miwe önümleri bilen dolduryp, tebigy taýdan arassa, geçginli önümleri ilatymyza ýetirýärler. Olaryň ösdürip ýetişdirýän hasyllaryna-da diňe welaýatyň däl, beýleki sebitleriň merkezlerinde hem uly isleg bildirilýär.