«Gerim» haryt nyşanly önümleriň gerimi giňeýär

photo

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, energetiki desgalarda sazlaýyş-synag we abatlaýyş işlerini alyp barýan «Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýetinde dürli güýjenmeli elektrik energiýasyny sarp edijilere geçirmeklige niýetlenen açyk we daşy izolirlenen elektrik geçiriji simleriniň hem-de kabelleriniň dürli ölçegdäki görnüşlerini öndürmekligiň tehnologiýasy önümçilige ornaşdyrylypdyr. Bu önümçiligiň ýola goýlanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, kärhananyň «Gerim» haryt nyşanly elektrik geçirijilerine diňe bir hususy kärhananyň ýerleşýän sebiti bolan Lebap welaýatynda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeginde hem uly islegiň bolmagy bu ýerde önümçiligiň tehniki talaplara doly laýyk ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.

Kärhanada elektrik geçiriji simleriň we kabelleriň 30-dan gowrak görnüşi – şol sanda, alýuminiý metalyndan ýasalýan, daşy açyk görnüşdäki elektrik geçirijileriniň, ýagny, elektrik simleriniň A-16-dan A-70-e çenli 5 görnüşi, alýuminiý hem-de polat metallaryndan bilelikde taýýarlanylýan, uzak aralyklara iberilýän ýokary güýjenmeli elektrik geçiriji ulgamlaryna niýetlenen AS-50/8, AS-70/11 hem-de AS-95/16 görnüşleri öndürilýär. Şonuň bilen birlikde kärhanada desgalardyr binalara, ýaşaýyş jaýlaryna elektrik energiýasy geçirilende peýdalanylýan daşy izolirlenen elektrik geçiriji simleriň APW-1x10, APW-1x16 ölçegdäki bir hatarly görnüşlerini, APPW-2x2,5, APPW-2x4 hem-de APPW-2x6 ölçegdäki iki hatarly görnüşlerini öndürmeklik ýola goýlupdyr.

Täze önümçiligiň gözlegleri yzygiderli dowam edýän kärhanada elektrik enjamlarynyň we geçirijileriniň önümçilik zerurlygy göz öňünde tutulyp, dürli görnüşli elektrik geçiriji kabellerini öndürmeklik hem ýola goýlupdyr. Bu ýerde iki elektrik geçirijisi bolan dürli ölçegdäki kabelleriň 4 görnüşi, şeýle hem 4 we 5 elektrik geçiriji hatary bolan dürli ölçegli kabelleriň 6 görnüşi öndürilip, ýurdumyzyň dürli künjeklerine – sarp edijilere ugradylýar. Bu ýerde hojalyklarda we edara-kärhanalaryň dolandyryş merkezlerinde ulanylýan uzynlygy bir ýarym, üç we bäş metr bolan elektrik uzaldyjylary hem öndürilip başlanypdyr. Häzirki wagtda mis metalyndan bolan izolirlenen geçirijileri we kabelleri öndürmegiň önümçiligi taýýar edilipdir.

Kärhanada önümleriň ussat hünärmenler tarapyndan erk edilýän, dünýäniň Germaniýa, Awstriýa, Ýaponiýa ýaly ösen döwletlerinden getirilen elektrik enjamlarynda öndürilýändigini, geçirijileriň hil derejesiniň we ulanylyş möhletiniň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigini belläp geçmek hem möhümdir.

Döwletimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklik üçin döredilip berilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýan bu kärhana tarapyndan elektrik ulgamy boýunça dürli hyzmatlar – elektrik bekediniň, howa we kabel ulgamlarynyň taslama, düýpli abatlaýyş işleri, rele goragynyň sazlaýyş, elektrik enjamlarynyň, akkumulýatorlaryň synag işleri, elektrodwigatelleriň we transformatorlaryň bejergi işleri hem-de beýleki hyzmatlary amala aşyrylýar. Kärhananyň Malaýziýanyň «Petronas», Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon oil», Türkiýäniň «Gap Inşaat», «Çalyk Enerji», «Turkuaz Machinery» kompanýalarynyň, şeýle hem GDA döwletleriniň biziň ýurdumyzda iş alyp barýan kompaniýalarynyň elektrik enjamlarynyň abatlaýyş we beýleki işlerini amala aşyrmaga gatnaşýandygy onuň tutumynyň uludygyndan habar berýär. Şonuň bilen birlikde kärhana tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserni we ýurdumyzda hereket edýän hususy kärhanalaryň birnäçesi bilen hyzmatdaşlyk ýola goýlupdyr. Bu kärhananyň Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hyzmat ediş bölümleriniň bardygyny hem belläp geçmek bolar.

«Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýetinde önümçiligiň gerimini mundan bu ýana-da giňeltmek maksady bilen yzygiderli gözlegler dowam etdirilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň elektrik ulgamy üçin zerur bolan ýokary hilli elektrik enjamlaryny ýeterlik mukdarda öndürmeklige, bu ugurda dürli hyzmatlary ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berer.