Hazar deňziň kenarynda Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady.
Giň möçberli çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, halkara guramalaryň, raýat jemgyýetiniň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşýarlar.
Bu forum raýat jemgyýetine dünýä ýurtlarynyň hem-de BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri we esasy gyzyklanma bildirýän taraplar bilen tejribe alyşmak, çözgütleri teklip etmek hem-de DÇBÖBD üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini kesgitlemek üçin mümkinçilik açýar.
Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köptaraplaýyn çemeleşmäni talap edýär. Raýat jemgyýeti innowasion çözgütleri we pikirleri teklip etmek bilen, durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem raýat jemgyýeti maliýe, söwda, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler boýunça ählumumy syýasy gün tertibinde DÇBÖBD-iň ileri tutulýan ugurlarynyň nazara alynmagyna ýardam berýär.
Ýerli guramalardan başlap halkara guramalara çenli raýat jemgyýetiniň subýektleri milli strategiýalary işläp taýýarlamakda we amala aşyrmakda orunlaryň birini eýeleýärler. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy hem hökümetler we hususy pudak bilen bir hatarda, raýat jemgyýetiniň işjeň gatnaşmagyna bagly bolup durýar.
Raýat jemgyýetine, ylmy jemgyýetçilige, hususy pudaga hem-de döwlet düzümlerine ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança döretmek, DÇBÖBD-de durnukly ösüşe ýardam berýän üstünlikli hyzmatdaşlygyň we strategiýalaryň mysallary bilen tanyşdyrmak, innowasion çözgütleri we öňdebaryjy tejribäni alyşmaga ýardam bermek forumyň esasy maksadydyr.