Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry

photo

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy geçirildi.

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy aglabasy Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikasynda we Okeaniýada ýerleşýän, ösüp barýan ýurtlary birleşdirýän halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Gatnaşyklaryň bu görnüşi birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, raýdaşlyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanyp, ösen we ösüp barýan döwletleriň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasydyr.

Ösüş meselelerini bilelikde çözmek, tejribe we tehnologiýalary alyşmak, şeýle hem ýurtlaryň arasynda ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň esasy maksady bolup durýar.

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy öz taryhyny XX asyryň ortalaryndan alyp gaýdýar. 1955-nji ýylda Bandung maslahatynda “Ählumumy Günorta” ýurtlary hyzmatdaşlygy we özara goldaw bermegi ugur edinýändiklerini yglan etdiler. Bu bolsa Goşulyşmazlyk hereketini kemala getirmek we Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin başlangyç boldy.

Häzirki wagtda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy oba hojalyk we senagatdan başlap, ylym-bilim, saglygy goraýyş, tehnologiýalar, infrastruktura we energetika ýaly ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurtlar öňdebaryjy tejribäni alyşýarlar, bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirýärler hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, durnukly energetikany ösdürmäge, bilimiň we saglygy goraýşyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýärler.

Meňzeş ykdysadyýetleri bolan ýurtlaryň özboluşly ösüş şertlerine laýyk gelýän çözgütleri işläp taýýarlamak bu hyzmatdaşlygyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Munuň özi has netijeli ösüş nusgalaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy sebitleýin goşulyşmany pugtalandyrmaga, söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, durnukly ykdysady ösüş üçin amatly şertleri döredýär.

Häzirki zaman ählumumylaşma şertlerinde Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu hyzmatdaşlyk ösýän ýurtlaryň işjeň we deňhukukly agzalary hökmünde gatnaşýan inklýuziw halkara ulgamyny döretmäge itergi berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça maslahaty ýaly halkara guramalar, şeýle hem sebit bileleşikleri Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň çäklerinde başlangyçlary utgaşdyrmakda möhüm orun eýeleýärler.

Hereketleriň Wena maksatnamasy Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady ösüşine ýardam bermekde eýeleýän ornuny ykrar etdi. Hususan-da, bu maksatnamada gümrük, serhet we ulag geçelgeleriniň dolandyryş ulgamlarynda öňdebaryjy tejribäni alyşmakda, şeýle hem söwda amallaryny ýeňilleşdirmekde Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtaldy. 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ösüşiniň esasy ugurlaryny ilerletmekde Günorta-Günorta we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ornuny tassyklaýar.

DÇBÖBD-de düzümleýin ykdysady özgertmeleri we sanly ösüşi höweslendirmek üçin ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamlarynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyny hem-de üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bagyşlanan mejlis bu ýurtlaryň ylmy we innowasion kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen strategiýalary hem-de mehanizmleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boldy.

Türkmen tarapynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, şu günki duşuşyk Ählumumy Günorta ýurtlarynyň umumy geljeginiň hatyrasyna raýdaşlyga we bilelikdäki tagallalara ygrarlylygyny görkezýän möhüm pursatda geçýär. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki üýtgäp durýan şertlerinde bu ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistan Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyna diňe bir format däl, eýsem, özara ösüşiň, tejribe alyşmagyň we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde garaýar we söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, daşary ykdysady işi sanlylaşdyrmak, şeýle hem elektron söwdany giňeltmek, kiçi we orta kärhanalar üçin täze bazarlary açmak ýaly ulgamlarda özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar diýip hasaplaýar. Ýurdumyz infrastruktura arabaglanyşygyna, durnukly ulaga we sanly integrasiýa aýratyn üns berýär we şunuň bilen baglylykda, tejribe alyşmak boýunça bilelikdäki Günorta-Günorta platformalaryny döretmek başlangyçlaryny goldaýar.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň DÇBÖBD-niň geografik taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly meselelerini çözmekde bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli platforma bolup durýandygyny belledi we häzirki şertlerde özara goldaw bermegiň hem-de raýdaşlyk bildirmegiň durnukly ösüşi we ykdysady integrasiýany ilerletmek üçin aýratyn möhüm bolup durýandygyny nygtady.

Rabab Fatima BMG-niň hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamagy dowam etjekdigini aýdyp, hemmeleri dialogy pugtalandyrmaga çagyrdy.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň hem-de üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde DÇBÖBD-de döwrebap tehnologiýalara we nou-haulara elýeterliligi üpjün etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi düzümleýin özgertmeleri durmuşa geçirmegiň we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmagyň zerur şerti bolup durýar. Bellenilişi ýaly, Ählumumy Günorta ýurtlarynyň arasynda tejribeleriň we tehnologiýalaryň alşylmagy bu ýurtlara mahsus zerurlyklara laýyk gelýän innowasion ekoulgamlary döretmäge hem-de olaryň özbaşdak ösüşini üpjün etmäge ýardam berýär.

Sanlylaşdyrma we innowasiýalar ulgamlarynda milli syýasaty kemala getirmegiň meselesine aýratyn üns berildi. Foruma gatnaşyjylar milli derejede ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we düzümleýin özgertmeleri tizleşdirmek üçin netijeli hukuk binýadyny döretmäge ýardam berýän toplumlaýyn strategiýalary işläp taýýarlamagyň hem-de ornaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler. Ylmy-tehniki we innowasion ugurlardaky syýasatyň beýleki ösüş strategiýalary bilen utgaşdyrylmagy, şeýle hem ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň we ylmy jemgyýetçiligiň bu işlere gatnaşmagynyň üpjün edilmegi möhüm ugurlaryň hatarynda bellenildi.

Sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmekde Günorta-Günorta we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde bu ulgamda gender deňligini üpjün etmegiň möhümdigi nygtaldy. Mejlise gatnaşyjylar bilelikdäki başlangyçlaryň hem-de tejribe alyşmagyň ýokary hilli sanly bilime elýeterliligi giňeltmäge, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de ýaşlary, hususan-da, zenanlary ylma hem-de tehnologiýalara höweslendirmäge mümkinçilik berýändigini bellediler.

Mundan başga-da, DÇBÖBD-de sanlylaşdyrmagy we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak üçin ekoulgamlary döretmek maksady bilen, Günorta-Günorta we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde sebit platformalaryny işjeňleşdirmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle platformalaryň tagallalary utgaşdyrmakda, serişdeleri we öňdebaryjy tejribäni çekmekde, şeýle hem sebit derejesinde tehnologik ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu platformalaryň institusional kuwwatyny pugtalandyrmagyň, maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de halkara guramalar we hususy pudak bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy.

Mejlise gatnaşyjylar ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda Günorta-Günorta we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde düzümleýin ykdysady özgertmelere hem-de sanly özgerişe kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, inklýuziw, durnukly we innowasion ugurly ykdysadyýetleri döretmek boýunça bilelikdäki tagallalara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

DÇBÖBD-niň durnukly ösüşi üçin Günorta-Günorta we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde tejribe alyşmaga bagyşlanan mejlisde raýdaşlyk, özara bähbitlilik ýörelgeleriniň Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýandygy we ýurtlaryň arasynda ynanyşykly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi bellenildi. Üstaşyr geçiriji ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem netijeli üstaşyr we infrastruktura arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin sebit hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmak halkara bazarlara çykmak bilen baglanyşykly käbir meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan DÇBÖBD üçin aýratyn möhüm bolup durýar.

Mejlisiň dowamynda Merkezi Aziýa, Günorta-Gündogar Aziýa, Latyn Amerikasy we Afrika ýurtlarynda geçirilen hem-de Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň ösüş meselelerini çözmekde üstünlikli mysallaryny görkezýän 5 sany mowzuklaýyn ylmy-barlag işleri tanyşdyryldy. Bu ylmy-barlaglar Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň dürli ugurlaryny beýan edip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady özgertmeleri geçirmek, täze iş orunlaryny döretmek, inklýuziw ösüşi ilerletmek we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin döwletara hyzmatdaşlygy netijeli ulanýandyklaryny görkezýär.

Geçirilen ylmy-barlaglar düzümleýin özgertmeleri höweslendirmekde, tehnologiýalary we tejribeleri alyşmakda, şeýle hem aýratyn ykdysady zolaklary döretmekde senagat strategiýasynyň we bu işlerde döwletiň eýeleýän ornuny, üstaşyr ulag geçelgeleriniň we infrastruktura arabaglanyşygynyň sebit ösüşi üçin aýratyn möhüm ähmiýetini açyp görkezýär. Şeýle hem iri infrastruktura başlangyçlaryna ekologiýa taýdan arassa tejribeleri ornaşdyrmagyň we Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sebit integrasiýasynyň ähmiýetini nygtaýar.

Umuman, mowzuklaýyn mejlis Günorta-Günorta we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy tejribesiniň DÇBÖBD-niň geografik taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly meselelerini çözmek üçin netijeli gural bolup durýandygyny hem-de ösüşiň durnukly we inklýuziw görnüşini döretmäge ýardam berýändigini görkezdi. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, institusional kuwwaty ýokarlandyrmagyň hem-de DÇBÖBD-de ykdysady ösüşi gazanmak üçin milli, sebitleýin we halkara derejelerde tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň halkara söwdasyna gatnaşmagyny giňeltmek maksady bilen, söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge we sebit integrasiýasyny ösdürmäge ýardam bermek üçin Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyny ulanmak meselesine bagyşlanan mowzuklaýyn mejlisde maglumat alyşmak hem-de tagallalary utgaşdyrmak üçin DÇBÖBD bilen üstaşyr geçiriji ýurtlaryň arasynda netijeli bilelikdäki platformalary döretmegiň möhümdigi bellenildi. Munuň özi söwda amallaryny ýeňilleşdirmek we olaryň aýdyňlygyny ýokarlandyrmak üçin esasy şertleriň biri bolup durýar.

Gyzyklanma bildirýän taraplary, şol sanda döwlet düzümlerini, gümrük edaralaryny we hususy pudagy söwda akymlaryny we infrastrukturany dolandyrmak işlerine giňden çekmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi. Maglumatlary dessin alyşmaga we hereketleri ylalaşmaga ýardam berýän platformalary döretmegiň mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda DÇBÖBD-niň söwdada bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda, şol sanda elektron täjirçiligini ösdürmekde Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Söwdany sanlylaşdyrmak ulgamynda bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi we tejribe alşylmagy bu ýurtlaryň ählumumy söwda ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam berip, eksport binýadyny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sebit integrasiýasyny ösdürmegiň çemeleşmeleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle çemeleşme sebit ykdysady ösüşini pugtalandyrmaga, söwda, maýa goýum we tehnologiýalary alyşmak üçin amatly gurşawy döretmek arkaly abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Integrasiýa işine gyzyklanma bildirýän taraplary, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi işjeň çekmegiň, şeýle hem ähli ýurtlar üçin sebit hyzmatdaşlygynyň bähbitlerine deňeçer elýeterliligi üpjün etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylar Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň netijeli ulanylmagynyň hem-de sebit integrasiýasynyň çuňlaşdyrylmagynyň DÇBÖBD-niň halkara söwdasyna gatnaşmagyny giňeltmek üçin möhüm şert bolup durýandygyny tassykladylar. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki platformalaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi, institusional kuwwatyň ýokarlandyrylmagy, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de sebit prosesleriniň inklýuziwliginiň üpjün edilmegi bu ýurtlaryň durnukly ykdysady ösüşine ýardam berýän integrirlenen söwda gurşawyny döretmäge mümkinçilik açar.

DÇBÖBD-niň inklýuziw we elýeterli arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin Günorta-Günorta we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk arkaly ösüşiň maliýeleşdirilmegini pugtalandyrmaga bagyşlanan mejlisde bu ýurtlaryň durnukly ykdysady ösüşine ýardam berýän infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen uzak möhletli maýa goýumlary çekmegiň netijeli mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar dürli maliýe çeşmelerini, şol sanda döwlet, hususy we halkara gaznalaryny çekmek üçin Günorta-Günorta we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ulanmagyň möhümdigini nygtadylar. Maýa goýumlaryň uzak möhletleýin durnuklylygyny üpjün etmäge ukyply innowasion maliýe mehanizmlerini ösdürmek we maliýeleşdirmek işine jemgyýetiň ähli gatlaklaryny çekmek meselesine aýratyn üns berildi.

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar umumy meseleleri çözmek üçin özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we tejribe alyşmaga ygrarlydyklaryny tassyklap, infrastrukturany, söwda gatnaşyklaryny we durnukly ykdysady nusgalary ösdürmekde bilelikdäki tagallalaryň möhüm ähmiýetini nygtadylar. Şeýlelikde, duşuşygyň netijeleri Günorta-Günorta ýurtlarynyň durnukly ösüşine gönükdirilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek hem-de bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin berk binýat goýdy. Bu bolsa hyzmatdaşlyga gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.