Abadan geljegiň hatyrasyna tagallalary birleşdirip

photo

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen plenar mejlisde umumy pikir alyşmalar boldy. Bu çärä gatnaşyjylar — Hökümetleriň, halkara guramalaryň, hususy ulgamyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge toplumlaýyn hem-de utgaşykly çemeleşmäniň zerurdygyny nygtadylar. Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, sebitiň içinde we ählumumy derejede hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen anyk maslahatlardyr başlangyçlar işlenip taýýarlanyldy.

Plenar mejlisiň esasy meseleleriniň biri ulag infrastrukturasyny ösdürmek, döwrebap ulag geçelgelerini döretmek bilen bagly boldy. Mejlise gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, ulag ulgamyny gowulandyrmak logistika bökdençliklerini azaltmak, söwdanyň möçberlerini artdyrmak hem-de innowasion ykdysadyýetleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm şert bolup durýar. Demir we awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmaga, port infrastrukturasyny ösdürmäge, ulag ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, ulag ulgamyna iri maýa goýumlary çekmegiň zerurlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşyjylar infrastrukturanyň netijeli ösmegi üçin diňe bir täze desgalaryň gurluşygy bilen çäklenmän, eýsem, bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmagyň, olaryň howanyň üýtgemegine we beýleki wehimlere durnuklylygyny üpjün etmegiň hem zerurdygyny nygtadylar.

Logistika ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, ulag, söwda amallarynyň açyklygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Çärä gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, ýurtlaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklar ýükleriň daşalýan wagtyny azaltmaga, hyzmatdaşlaryň arasyndaky ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, gümrük amallarynyň sazlaşdyrylmagy boýunça bilelikdäki başlangyçlar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Mejlise gatnaşyjylar hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam etjek sebitleýin logistika merkezlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Nygtalyşy ýaly, sebit hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi diňe bir döwlet edaralarynyň däl, eýsem, hususy ulgamyň, halkara guramalaryň işjeň çekilmegini-de talap edýär.

Häzirki döwürde sanly söwda we innowasion tehnologiýalar deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüşinde barha möhüm orny eýeleýär. Plenar mejlise gatnaşyjylar amatly sanly ulgamyň döredilmeginiň elektron platformalary giňeltmäge, elektron söwdany ösdürmäge, öňdebaryjy ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam edýändigini bellediler. Munuň özi söwda amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ählumumy bazara ýakynlaşmagy çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Mejlisiň çäklerinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, täze iş orunlaryny döretmekde we ykdysady ösüşi höweslendirmekde oba hojalygyna wajyp ornuň degişlidigi nygtaldy. Mejlise gatnaşyjylar döwrebap agrotehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, oba hojalyk ulgamynda zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagynyň ileri tutulýan wezipeler bolup durýandygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta fermer hojalyklaryny goldamak strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar oba hojalyk önümçiliginiň esasyny düzýär we ýerli ilaty azyk önümleri bilen üpjün edýär.

Oba hojalyk önümlerini saklamak, gaýtadan işlemek ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Tebigy serişdeleri aýawly saklamaga, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga gönükdirilen oba hojalygyny ýöretmegiň durnukly tejribelerini ornaşdyrmak mümkinçiliklerine hem garaldy. Mejlise gatnaşyjylar oba hojalyk pudagynyň milli we sebit ösüş strategiýalaryna ýakynlaşmagynyň wajypdygyny nygtadylar. Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde maýa goýumlaryň çekilmegini işjeňleşdirmegiň hem-de ösüş taslamalaryny maliýe taýdan goldamagyň zerurdygyna ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, giň gerimli infrastruktura, tehnologik we jemgyýetçilik başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi ep-esli maýa serişdeleriniň gönükdirilmegini talap edýär. Maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmekde halkara maliýe institutlarynyň, maýadarlaryň, hususy ulgamyň we döwletleriň ornuna aýratyn üns berildi.

Plenar mejlisiň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerde gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine hem aýratyn üns berildi. Mejlise gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, zenanlaryň we erkekleriň deňligi durnukly ösüşiň, sosial adalatlylygyň hem-de ykdysady rowaçlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Zenanlar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda, telekeçilikde, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda möhüm orny eýeleýärler. Olaryň bu ugurdaky işlere gatnaşmaklaryny goldamak hem-de giňeltmek zerurdyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen plenar mejlis bu ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hem-de tagallalaryny birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Mejlise gatnaşyjylar infrastrukturany ösdürmäge, logistikany kämilleşdirmäge, gender deňligini ilerletmäge, oba hojalygyny durnukly ösdürmäge, maýa goýumlary işjeňleşdirmäge gönükdirilen bilelikdäki hereketler arkaly tutuş sebitiň durnukly ösüşini we rowaçlygyny üpjün edip boljakdygyny tassykladylar.